Ýurdumyzyň gök-bakja önümleriniň eksporty barha ýokarlanýar

4 Awgust 2024
136

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda hem uly ösüşler gazanylýar. Soňky ýyllarda bereketli türkmen topragynda öndürilýän önümleriň mukdary barha ýokarlanyp, daşary döwletlere eksport edilýän möçberleri ýokarlanýar. Oba hojalyk önümlerini eksport etmekde türkmen telekeçileri ýokary görkezijileri gazanýarlar.

2024-nji ýylda daşary ýurtlara çykarylan oba hojalyk önümleriň iň köp bölegini garpyz-gawun tutýar.