Garpyzyň dünýä bazaryndaky orny

4 Awgust 2024
226

Garpyzyň düzüminiň 90 göterimden gowragy suwdan ybarat bolup, hem teşneligi gandyrýar, hem ýeňil siňýär. Şeýle-de bu bakjanyň düzüminde B, C, E, P witaminleri, pektin maddalary, foliý turşusy, magniý elementi, demriň, marganesiň, magniniň, kaliniň, nikeliň, natriniň, fosforyň duzlary bar. Halk lukmançylygynda garpyz ýürek-damar, çiş keselleriniň öňüni almakda, gan damarlarynyň çeýeligini saklamakda, böwrekdäki we peşew haltadaky daşy çykarmakda giňden peýdalanylýar. Garpyz diňe bir adam saglygyna peýdaly bolman, eýsem, dünýä ykdysadyýetine hem oňyn täsirini ýetirýär.

Garpyz ösdürip ýetişdirmek Hytaý üçin diňe bir oba hojalyk ekini bolman, eýsem, ýurduň oba ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hasaplanýar. Çünki ýurduň bu pudagy millionlarça daýhanlary iş bilen üpjün edýär we obalaryň ykdysady durnuklylygyna goşant goşýar. Şeýle-de garpyz we garpyz önümleriniň (tohumy, şerbedi) eksporty ýurt üçin girdeji çeşmesi bolup durýar.

Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».