Möhüm pudakda mynasyp işler

4 Awgust 2024
146

Ilaty ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipeleriniň biridir. Şu maksatdan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalyk pudagynda hem giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. 29-njy iýulda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirmegi hem bu ugurda möhüm waka boldy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzyň oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, pudaga uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.

Oguljeren KAZAKOWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy.