Welosiped – sagdyn durmuşa çagyryş

2 Awgust 2024
162

Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesi we göreldesi esasynda welosiped sürmek sporty täze öwüşgine eýe boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz sporty ösdürmekde, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde möhüm işleri alyp barýar. Häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgesi we daşky gurşawy goramak babatda asylly işler ýola goýulýar. Eziz Diýarymyzda Bütindünýä welosiped güni dabaraly bellenip geçilýär. Her ýylda däp bolan welosiped ýörişlerine ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary agzybirlikde gatnaşýarlar.

Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, welosipedli gezelenjiň hem ähmiýetiniň uludygyna ünsi çekýändiklerine häli-şindi şaýat bolýarys. Bütindünýä welosiped gününde geçirilýän baýramçylyk ýörişidir beýleki çäreler eziz Watanymyzda sagdyn durmuşyň wagyz edilýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär.

Tawus MEREDOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.