In­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar – döw­rüň ze­rur­ly­gy

2 Awgust 2024
85

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmakda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň pudaklarynda sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin zerur şertler döredilýär.

Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň, şeý­le hem ýur­du­my­zy 2022–2028-nji ýyl­lar­da ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­syn­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­ny iler­let­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şu Mak­sat­na­ma­lar öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we in­no­wa­si­on iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry önüm­çi­li­ge iş­jeň or­naş­dyr­mak­da, ata Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek­de, giň möç­ber­li öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de esa­sy gu­ral bo­lup dur­ýar. Ýur­du­myz­da teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we nou-hau­la­ry alyş­mak, tä­ze önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek iş­le­ri ro­waç­lan­ýar.