Oba hojalygy: rowaçlyklara beslenýän özgertmeler

2 Awgust 2024
188

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hepdäniň duşenbe güni ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahaty häzirki döwürde giň möçberde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň has kämilleşdirilmegini, üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün edýän, bu ugurda täze çemeleşmelere, röwşen geljegi nazarlaýan beýik işlere badalga berýän aýratyn ähmiýetli waka öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary, möhüm tabşyryklary esasynda milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň ylmy esasda ösdürilmegi, maddy-enjamlaýyn binýadynyň düýpli pugtalandyrylmagy, pudagy dolandyrmagyň, hojalygy ýöretmegiň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy, ýer eýeleriniň, daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi bilen bagly täze wezipeler kesgitlenildi. Möwsümleýin işleriň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde wajyp meselelere garalyp, döwrebap başlangyçlaryň öňe sürülmegi edermen babadaýhanlarymyzy has tutanýerli, öndürijilikli işlemäge ruhlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda giň gerimli özgertmeleriň ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda geçirilmeli möhüm çärelere, wajyp iş ugurlaryna aýratyn ünsi çekdi. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kesgitlenilen toplumlaýyn çäreler pudagyň binýadyny pugtalandyryp, oba hojalyk önümlerini öndürmegi ilerletmäge, daýhanlaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga täze mümkinçilikleri döredýär.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».