Gün şöhlesi

1 Awgust 2024
194

Çagalar — durmuşymyzyň bezegi, kalbymyzyň guwanjy. Çaganyň dogry iýmitlenmegi, gowy dynç almagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy olaryň sagdyn ýaşamagynyň girewi bolup durýar.

Tomus paslynda ýurdumyzyň beýleki dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde bolşy ýaly, Gökderedäki çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde hem bagtyýar çagalaryň dynç almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Olara arassaçylyk tertip-düzgünleri, kadaly iýmitlenmek, wagtly-wagtynda ýatyp turmak, Gün şöhlesinden goranmak barada wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär.

Maýagözel NURJYKOWA,
Aşgabat şäherindäki 6-njy saglyk öýüniň baş lukmany.