Alma bagy

31 Iýul 2024
148

Gadymy Märkaw dagyny etekläp oturan Arkadag şäheriniň dabarasy dag aşyp, çawy ilden-illere, ýurtdan-ýurda ýetdi. Hakykatdan-da, bu mekanda «akylly» şäheriň gurlanyna ýaňy bir ýyl wagt geçen hem bolsa, onuň çäklerine ekilen bezeg baglary bu gün şäheriň görküne görk goşup, gözellik paýlap otyr.

Baglaryň gözelligini synlap barşyňa, şäheriň etegine çykanyňy hem duýman galýarsyň. Arkadag şäheriniň eteginde ýene bir baglygyň üstünden barýarsyň. Bezeg baglary bilen bäsleşip, töweregine gol uzadyp oturan bu ir-iýmişli baglaryň hem Arkadag şäherine özboluşly görk berýändigini duýýarsyň.

Aýdogdy BAÝRAMGELDIÝEW.
«Arkadag».