Daýhanlaryň ýardamçylary

31 Iýul 2024
183

Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalygyny ileri tutup ösdürmegiň hasabyna ýurdumyzyň ilatyny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça başyny başlan beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde azyk önümleriniň bolçulygy döredilýär.

Şeýle möhüm işe lebaply daýhanlar-da mynasyp goşant goşýarlar. Olar üstümizdäki ýylyň galla oragyny hem üstünlikli jemlediler. Welaýatymyzyň gallaçylarynyň arzyly pellehana abraý bilen ýetmeginde kuwwatly kombaýnlara erk edýän mehanizatorlaryň saldamly paýlary bar. Olar hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren ygtybarly we kuwwatly tehnikalaryny bökdençsiz işledip, altynsow çäjiň beýgelmegini gazandylar. Bu il-ýurt bähbitli işde tapawutlanýanlaryň hatarynda Nobatgeldi Abdyrahmanow hem bar. Ol Halaç etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tejribeli mehanizatorlaryň biridir.

Hudaýberen SULTANOW.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.