Türkmen obasy galkynýar

30 Iýul 2024
181

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumyny ýokary düşewüntli pudaga öwürmek, obasenagat toplumynyň köpugurly kuwwatyny doly peýdalanmak hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek üçin önümçilige täzeçil usullary, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmagy ýurdumyzyň oba hojalykçylarynyň öňünde wezipe edip goýýar. Öňde goýlan belent wezipeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekologiýa derejesini pugtalandyrmak, tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça işler yzygiderli geçirilýär. Geçirilýän agrar özgertmeleriň netijesinde Diýarymyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär, oba hojalyk önümleriniň belli bir bölegi daşary ýurtlara iberilýär.

Ýurdumyzda oba özgertmeleri tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Onuň dowam edýän häzirki tapgyrynda obasenagat toplumyny ösdürmäge, oba hojalyk ugurly ulgamlary döretmäge aýratyn üns berilýär. Döwlet derejesinde berilýän uly ünsüň netijesinde däneçilik, pagtaçylyk, gök-bakjaçylyk, miweçilik, maldarçylyk we guşçulyk pudaklaryna telekeçilik, hususyýetçilik giňden ornaşdyrylýar. Şeýle-de, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň, gaýtadan işleýiş we hyzmat ediş düzümleriň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýulýar. Özlerine berilýän giň goldawyň netijesinde türkmen telekeçileri tarapyndan maldarçylyk, guşçulyk, balykçylyk, ýyladyşhana hojalyklary, azyk ugurly kärhanalar işe girizilýär. Ulanylmaga berilýän bu azyk ugurly kärhanalar öňki bar bolan önümçilikleriň giňeldilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berýär. Obasenagat pudagyna telekeçileriň giňden çekilmegi ýurdumyzyň içerki bazarlarynda mal eti, guş eti, ýumurtga, balyk, şöhlat, süýt, süýji-köke, çörek, miwe, üzüm, gök-bakja we beýleki azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegini, olaryň bahalarynyň elýeterli derejede saklanylmagyny üpjün edýär.

Gurbanmyrat REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.