Şalyçylaryň azyk bolçulygyna goşandy artýar

30 Iýul 2024
193

Şu günler Lebap welaýatynyň daýhanlary bugdaý hasyly ýygnalan meýdanlarda ekilen beýleki aralyk ekinler bilen bir hatarda, şala hem göwnejaý ideg edýärler. Welaýatymyzyň etraplarynyň ählisinde şaly ekildi we olar göwnejaý boý alyp, ösýärler. Geçen ýyllarda welaýatymyzyň toprakdan dür öndürýän daýhanlaryna şaly ýaly, bereketli ekini ösdürip ýetişdirmäge giň mümkinçilikler açyldy, amatly şertler döredildi. Şonuň bilen birlikde şalyçylarymyzyň iş tejribesi ýylsaýyn baýlaşýar. Olar şalydan bol hasyl almagyň inçe syrlaryny mäkäm özleşdirýärler. Welaýatymyzyň ekerançylarynyň her ýylda ýetişdirýän şaly hasylynyň azyklyk derejesiniň hil taýdan has ýokarydygyny aýratyn belläsimiz gelýär. Häzirki wagtda welaýatymyzda ýetişdirilen şaly önümine ýurdumyzda has uly isleg bildirilýär. Diýarymyzyň gündogar sebitinde şalynyň bol hasyl bermegi üçin toprak-howa şertleri hem doly laýyk gelýär. Süýji suwly Amyderýanyň boýlarynda ýerleşýän ekerançylyk meýdanlary suwaryldygysaýyn has gowy ösýän we hasyl toplaýan şaly üçin örän ýaramly hasap edilýär.

Halaç etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň 16-njy kärendeçiler toparynyň kärendeçisi Baýram Berdimyradow hem özüniň halal, göreldeli zähmeti bilen obadaşlaryna özüni tanadan daýhanlaryň biri. Ol indi 9 ýyldan bäri 10,5 gektar ýere şaly ekip gelýär. Baýram Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda her gektardan 50 sentnerden hasyl alyp, jemi Watan harmanyna 52,5 tonna şaly tabşyrmagy maksat edinýär. Bu maksada ýetmek üçin bolsa, ol gije-gündiz yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýär. Daýhanyň yhlasly zähmeti bilen toprakda ösdürip ýetişdirýän şaly hasylynyň görnüşi göwne ýakymlylygy, gözegelüwliligi bilen tapawutlansa, hiliniň ýokarylygy bilen özüne çekýär. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalygynda amala aşyrýan özgerişlikleri azyklyk önüm bolan şalynyň hasylynyň ýyl-ýyldan hiliniň we möçberiniň köpelmegine getirýär. Welaýatymyzda şalynyň ýokary hilli we bol hasyl berýän görnüşlerini özleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler hem öz netijesini berýär.

Batyrguly ÖWLIÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy.