Ispaniýa 163 müň tonna badamjan eksport etdi

29 Iýul 2024
170

«EastFruit» portaly dünýä badamjan bazary baradaky täze hasabatyny yglan etdi. Hasabat 2023-nji ýylyň jemleri boýunça maglumaty öz içine alýar. Oňa laýyklykda, geçen ýyl dünýä ýurtlary badamjanyň 458 müň tonnadan gowragyny eksport edipdirler. Şonuň üçden birinden gowragy, has takygy, 163 müň tonnasy Ispaniýanyň paýyna düşýär. Häzirki wagtda bu ugurdaky dünýä eksportynyň 35,6 göterimi Ispaniýa tarapyndan amala aşyrylýar.

Şeýle-de badamjanyň esasy eksport edijileriniň ilkinji bäşliginden Meksika (82,1 müň tonna), Niderlandlar Patyşalygy (54,7 müň tonna), Türkiýe (31,2 müň tonna) hem-de ABŞ (24 müň tonna) orun alypdyr.