Daýhan mert — ýer jomart

26 Iýul 2024
180

22-nji iýulda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda-da ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýygnalan bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak maksady bilen, bugdaýy galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara ýitgisiz daşamak, ýerleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär, ekiş möwsümi üçin ýokary hilli tohumlar taýýarlanylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny güýzki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

«Nesil».