Ajap eýýamyň aýdyň ýoly

25 Iýul 2024
192

Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak babatdaky meseleleri elmydama üns merkezinde saklaýar. 19-njy iýulda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Mejlisde hormatly Prezidentimize ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işiniň kämilleşdirilişi barada hasabat berlip, milli parlamentiň ýedinji çagyrylyşynyň şu ýylyň 13-nji iýulynda geçirilen altynjy maslahatynyň jemleri barada habar berildi. Türkmenistanyň Býujet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine, bedenterbiýe we sport, döwlet ylmy-tehniki syýasaty, ylmy edaralar, sportda dopinge garşy göreşmek, tohumçylyk bilen baglanyşykly Kanunlara we başga-da käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek boýunça kanun taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy we kabul edilmegi, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň maglumatynyň diňlenilmegi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak babatdaky öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini tassyklaýar.

«Adalat».