Hereket howpsuzlygy

25 Iýul 2024
129

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň bagtly geljegi üçin döwletli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy hormatly watandaşlarymyza, ýurdumyzyň mähriban raýatlaryna tomsuň sapaly, gyzgalaňly dowam edýän günlerinde döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan aýdyň ýörelgelerinden ugur alyp, köçe-ýol hereketiniň kadalaryny ýatladýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýik başlangyjy netijesinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen geçirilmegi asylly däbe öwrülen çäreler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tagallalary bilen dowam etdirilýär.

Döwran AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň bölüm müdiri, polisiýanyň maýory.