Türgenlerimize belent ynam

23 Iýul 2024
159

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Sport ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde dünýä derejesinde ösdürilýär. Gözel paýtagtymyz ak mermerli Aşgabadyň görküne görk goşýan, sebitde deňi-taýy bolmadyk, döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Olimpiýa şäherçesi guruldy. Ýurdumyzda türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda mynasyp çykyş edip, Döwlet tugumyzy belentde parlatmagy üçin ähli şertler döredildi». Ösüş-özgertmelere beslenen taryhy döwrümizde bu ugurda edilýän tagallalar berkarar Watanymyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýarlygyň mekany hökmündäki şan-şöhratyny has-da belende göterýär.

Üstümizdäki ýylyň maýynda paýtagtymyzda geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüdiň kabul edilmegi hem ýönelige däl. Çünki ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alan Aşgabat dünýä derejeli sport desgalarynyň, iri sport toplumlarynyň jemlenen şäheridir. Munuň özi sebitiň sport merkezi hökmünde ykrar edilen Aşgabadyň giň sport mümkinçiliklerine eýedigini görkezýär.

Maýsa MYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri.