Türgenlerimize üstünlik arzuw edýäris

22 Iýul 2024
160

Hormatly Prezidentimiziň 19-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjakdygy barada aýdylmagy bizde buýsançly duýgularyny döretdi.

Türkmen türgenleriniň soňky ýyllarda halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, Watanymyzyň sport abraýyny gazanýan üstünlikleri bilen belende götermegi halkymyzda gyzgyn seslenme döredýär. Bu zatlaryň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sportuny ösdürmek bilen bagly başyny başlan başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilip, oňyn miwesini berýändigi baradaky hakykat dabaralanýar.

Sahabatberdi KÖSÄÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.