Bol hasyldan habar berýän hatarlar

18 Iýul 2024
194

Tomus paslynyň häzirki günlerinde Daşoguz welaýatynda gowaçalara ideg etmek işleri zähmet joşguny bilen dowam edýär. Döwlet tarapyndan döredilýän ýeňilliklerden, giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan welaýatyň pagtaçy kärendeçileri, ussat ýer eýeleri bol hasyl ýetişdirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Şu günler gül-gunçalap, öwşün atýan gowaçalara suw tutmak, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, hapa-haşal otlardan arassalamak ýaly möwsümleýin işler agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar.

Demirgazyk welaýatyň pagtaçy ýer eýeleri şu ýyl gowaça ekilen 140 müň gektar meýdandan 275 müň tonna hasyl ýetişdirmegi maksat edinýärler. Bejergi işlerinde dürli kysymly traktorlaryň 2 müňden gowragy sazlaşykly ulanylýar. Tehniki hyzmatyň guramaçylykly ýola goýulmagy gowaçalaryň kadaly hasyl toplamagyna oňaýly täsir edýär. Welaýatyň Şabat, Görogly, Akdepe etraplarynda bol hasyl ýetişdirmegiň esasy şertleri bolan hatarara bejergisini geçirmek, boýy ýetýän gowaçalara suw bermek işleriniň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Akdepe pagtadan iň ýokary hasyl alynýan etrap hasaplanýar. Bu ýerde edermen pagtaçylaryň asylly zähmeti bilen, 32 müň gektar meýdana tohum sepilip, oňat gögeriş alyndy. Häzirki wagtda gowaçalar günsaýyn boý alyp, gül-gunçalara beslenýär. Şu ýyl etrap boýunça 61 müň 100 tonna pagta öndürmek göz öňünde tutulýar. Etrabyň 20-den gowrak daýhan birleşiginiň, 200 sany daýhan hojalygynyň meýdanlarynda şu günler bejergi traktorlarynyň 300-den gowragy bökdençsiz işledilýär.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).