Suwda seresaplyk

17 Iýul 2024
201

Deňze girip, suwa düşmek irden sagat 6:00-dan — 9:00, öýlän sagat 18:00-dan — 21:00 aralygy peýdaly hasaplanýar. Suwda bolmagyň dowamlylygy 30 minutdan geçmeli däldir. Gyzyp durkaň dessine suwa girmekden saklanmaly, dynç alyp, bedeniň temperaturasynyň kadaly ýagdaýyna gelmegine garaşmaly. Günüň ýiti şöhlesiniň astynda uzak wagtlap suwda bolmak ýa-da kenar ýakasynda gezelenç etmek maslahat berilmeýär.

Günortanyň yssysynda deňze girmek maslahat berilmeýär. Gün şöhlesiniň ýitileşmeginiň täsiri netijesinde Gün urmagy mümkin. Şeýle ýagdaýda, ilki bilen, näsagy kölegä geçirip kellesini gapdala öwürmeli, köýnegiň ýokarky iliklerini ýazdyrmaly, başyna sowuk ýapgy goýmaly, suw içirmeli. Haýal etmän, «Tiz kömek» gullugyny çagyrmaly. Deňze girilende rugsat berilýän çäklerden daşlaşmaly däl, bu bolsa garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykanda siziň peýdaňyzadyr.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.