Lebaply gallaçylaryň uly zähmet ýeňşi

17 Iýul 2024
189

Hoş habaryň ganaty bar. Geçen hepdede ýurdumyzyň gallaçylary 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bu gazanylan zähmet ýeňşine beýleki welaýatlar bilen birlikde lebaply gallaçylar hem uly goşantlaryny goşdular. Olar Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Gallaçylarymyz öz gazanan zähmet ýeňişlerini Milli Liderimiziň başlangyjyny goýan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän oba hojalyk özgertmeleri bilen baglanyşdyrýarlar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda 2020-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli döwürde her ýylda 1 million 400 müň tonna möçberde bugdaý hasylyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ýurdumyzyň şu azyklyk önüme bolan zerurlygyny kanagatlandyrmaga, beýleki oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberlerini köpeltmäge mümkinçilik berýär. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberleri yzygiderli artdyrylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi netijesinde döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha pugtalanýar. Şonuň bilen sazlaşyklylykda halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasaty hem has rowaçlanýar. Azyklyk önümleriň iň naýbaşysy bolan çöregiň bolçulygynyň döredilmegi eýýäm köp zatdan habar berýär. Bu gowulyklaryň esasynda hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň durýandygy hemmämize aýdyň hakykatdyr. Bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlandyrylmagy, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak, beýleki çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine, kärendeçilere, telekeçilere berilýän ýeňillikli karzlar ekerançylaryň göwün guşlaryny belende galdyryp, öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyryp gelýär. Biz munuň şeýledigine şu ýylyň üstünlikli tamamlanan galla oragynyň netijeleri boýunça ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşleriniň ekilmegi gallaçylaryň öňde goýan maksatlaryna ýetmegine oňyn täsirini ýetirdi. Bugdaýyň geçen güýzde ekilen «Alekseýiç» we «Bezostyý—100» görnüşleri özüni ödedi. Bugdaýyň «Bezostyý—100» görnüşi 16105, «Alekseýiç» görnüşi 112 863 gektar ýerde bol hasyl berdi. Bugdaýyň türkmen seçgiçileri tarapyndan döredilen «Sähraýy», «Bagtyýarlyk», «Berkarar», «Garaşsyz» ýaly görnüşlerinden hem ýokary hilli hasyl ýygnaldy. Orak mahalynda daýhanlarymyz döwletimiziň giň goldawyndan netijeli peýdalandylar. Hut şonuň üçin hem maňlaý deri siňdirilip ýetişdirilen bugdaý hasyly gysga möhletde ýygnaldy. Halaç, Kerki etraplarynyň zähmet adamlarynyň welaýatymyzda zähmet ýeňşine goşan goşandy has uly boldy.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.