Ýaşlar ýeňişli ýollarda

17 Iýul 2024
206

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň ähli ugurlary boýunça gazanylýan zähmet ýeňişlerinde ýaşlaryň mynasyp paýy bardyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özleri hakynda edýän aladalaryndan, döwrümiziň ýalkymyndan we ýalkawyndan ruhlanýan bagtyýar ýaşlar öz saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmak bilen, belent sepgitleri eýeleýärler. Biz gazetimiziň ýörite sahypasyny welaýatymyzyň oba hojalygy pudagynda, bilim, medeniýet, sport ulgamlarynda döredijilikli zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlarynyň durmuşyna bagyşladyk.

Welaýatymyzda oba hojalyk pudagynyň zähmetkeşleriniň aglabasynyň ýaşlar bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Olar ene ýere yhlasyny siňdirip, bol hasyl almakda ýokary görkezijileri gazanýarlar. Şu ýyl etrabymyzyň ýaş gallaçy kärendeçileriniň iş depginlerini has-da ýokarlandyrandyklaryny nygtamak gerek.

Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň başlygy.