Raýat hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagynyň esaslary

17 Iýul 2024
198

Ýurdumyzda kabul edilýän kämil kanunlar raýatlaryň hukuklarynyň goragynda durmak bilen, olaryň hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagynyň esaslaryny kesgitleýär. Berkararlygymyzyň we döwletliligimiziň kepili bolan Konstitusiýamyzyň 2-nji bölümi adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, borçlary baradadyr. Onda Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýändigi, Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýändigi aýdylýar.

Raýat hukuklary we borçlary hukuk ýagdaýynyň esasynda ýüze çykýar, üýtgedilýär hem-de ýatyrylýar. Hukuk ýagdaýlar hukuk kadalaryna laýyklykda belli bir hukuk netijelere getirýär. Hukuk ýagdaýlar raýat hukuklaryny kazyýet tertibinde goramak üçin ýüz tutulanda, talap esas bolup hyzmat edýär. Raýat hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagynyň, üýtgedilmeginiň we bes edilmeginiň esaslary Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 8-nji maddasynda beýan edilýär.

Gülşat ATALYÝEWA,
Bereket etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 1-nji derejeli ýurist.