Öri meýdanlaryny ýangyndan goralyň!

17 Iýul 2024
156

Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Baýramaly etrap ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň maýory Döwletmyrat AMANGYLYJOW bilen duşuşyp, öri meýdanlaryny ýangyndan goramagyň kadalary barada gürrüň bermegi haýyş etdi.

— Tomus aýlarynyň yssy günleriniň başlanmagy bilen öri meýdanlarynda otlar gurap başlaýar. Şeýlelikde, meýdanlarda ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmagyna örän amatly şertler döreýär. Ýangyn hadysasy raýatlaryň janyna we saglygyna, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz otdur. Ýangyn hadysasy öri meýdandaky otlardan başga-da, däne ekinlerine, tokaýlara, sazakdyr çerkezlere zyýan ýetirýär. Şol sebäpli öri meýdanlarda ýangyn hadysasynyň döremeginiň öňüni almak we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek üçin şulary maslahat berýäris: