Şeýle at bilen Esenguly etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşlere beslenýän Diýarymyzyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdudygy, diňe halal zähmet bilen Watanymyzyň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidigi baradaky buýsançly gürrüňlere giň orun berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işler barada buýsançly gürrüň edilip, bu işlere her bir adamyň işjeň gatnaşyp, mynasyp goşant goşmalydygy nygtaldy.