Galla aldym — gala aldym

16 Iýul 2024
236

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly günlerinde ýurdumyzyň edermen gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar guşgursak ak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragyny öndürip, Watan harmanyna goşdular. Gallaçylarymyzyň zähmet ýeňşinde Ahal welaýatynyň janypkeş daýhanlarynyň hem saldamly paýy bar.

Welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary ýokary hasyl öndürmek üçin turuwbaşdan yhlasly, tutanýerli zähmet çekdiler. Ähli agrotehniki çäreleri wagtynda berjaý etdiler. Ekine ideg etmek, zyýankeşlere garşy göreşmek ýaly jogapkärli işlerde ylmyň gazananlaryna we ozalky ýyllarda toplan tejribelerine daýandylar. Döwlet tarapyndan goldaw-hemaýatlaryň berilmegi, ylaýta-da, tehniki hyzmatlar, suw, mineral dökünler, beýleki serişdeler bilen bökdençsiz üpjün edilmegi meýdan işlerini göwnejaý alyp barmaga hem-de bol hasyly kemala getirmäge itergi boldy. Amatly howa şertleri, ygally günler hem sahawatly topragyň berekedini bolluk bilen eçilmegine oňyn täsirini ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gallanyň satyn alyş bahalarynyň ýokarlandyrylmagy daýhanyň işe höwesini artdyryp, galla oragyna ýokary taýýarlyklar bilen başlamaga we zähmet ýeňşini gazanmaga ruhubelentlik berdi. Ine, bu şanly günlerde gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan üstünligi, arzyly sepgidi olaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşendiginiň güwäsidir, oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň rowaçlanýandygynyň subutnamasydyr, ýer eýelerine döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň ajaýyp miwesidir.

Aýdo ŞEKEROW,
«Ahal durmuşy».