Şanly ýyl mynasybetli

16 Iýul 2024
215

Ýakynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak, kanunçylygy düşündirmek maksady bilen geçirilen duşuşyk welaýat prokuraturasy, beýleki hukuk goraýjy edaralar hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy.

Duşuşyga gatnaşanlar, ilki bilen, muzeý boýunça syýahat etdiler. Sergi bölümlerinde sergilenen taryhy tapyndylar, şöhratly taryhymyzdan söhbet açýan gymmatlyklar uly gyzyklanma döretdi. Ol ýerdäki gymmatly maglumatlar hem ünsi çekiji boldy. Muzeýiň hünärmenleriniň muzeýde saklanýan taryhy tapyndylar hakdaky gürrüňlerini diňlemek has-da täsirli boldy.

Şirin HODJYÝEWA,
Ahal welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.