Edermen gallaçylaryň zähmet ýeňşi

16 Iýul 2024
212

«Hoş habaryň ganaty bar» diýleni. Parahat asmanly abadan ýurdumyzda zähmet mukamy bilen bagtyýarlyk mukamy sazlaşykly ýaňlanyp, geljegine ynamly garaýan hem-de ony yhlasy bilen gurýan ildeşlerimiziň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanýan üstünlikleri baradaky hoş habarlar hem Diýarymyza tiz dolýar. Watanymyza söýgüsini onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, ony ösdürmäge gönükdirilen işlerde aýan edýän, yhlasyny, tagallasyny ene topraga hyzmat edip, bol hasyl alyp dabaralandyrýan gallaçylarymyzyň gazanan üstünligi baradaky hoş habar hem ilimize doldy.

Hawa, gallaçylarymyz gutlanylmaga mynasyp zähmet edermenligini görkezdiler. Olar Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň bol hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmek bilen, ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Bu üstünlik ýurdumyzyň diňe bir ak bugdaýyň däl, eýsem, ak bugdaýyň bol hasylyny alyp bilýän janypkeş, zähmetsöýer, edermen daýhanlaryň hem Watanydygyny ýene-de bir gezek dabaralandyrdy.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Bereketli toprak».