Erjelligiň nusgasy

16 Iýul 2024
200

Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen obasenagat toplumynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň, daýhanlara berilýän yzygiderli döwlet goldawlarynyň oňyn netije berýändigine Ahal welaýatynda alnyp barylýan işleriň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda yhlas siňdirilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, gowaçaly meýdanlaryň idegini ýetirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän welaýatyň janypkeş daýhanlarynyň azaby ýerine düşýär.

Ahally gallaçylar 195 müň gektarda ýetişdirilen guşgursak ak bugdaýy gysga wagtda ýygnap almak maksady bilen, möwsümiň ilkinji günlerinden oragy gyzgalaňly alyp barýarlar. Bu işde täze tehnologiýaly däne orujy kombaýnlaryň 447-sinden netijeli peýdalanylýar. Işleriň sazlaşykly we guramaçylykly alnyp barylmagy netijesinde welaýatyň Gökdepe, Babadaýhan etraplarynyň ak ekin ussatlary ilkinjileriň hatarynda arzyly pellehana ýetdiler. Gökdepeli gallaçylar ak bugdaýyň 20 müň 100 tonnadan, babadaýhanly hasyl ussatlary 60 müň 700 tonnadan gowragyny harmana goşup, şertnamalaýyn borçnamalaryna abraý bilen hötde geldiler.

Näzik MEREDOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň baş hünärmeni.