Irki käşiriň hasyly ýygnalýar

16 Iýul 2024
186

Etrabymyzyň ekerançylary beýleki ekinler bilen bir hatarda her ýyl gök ekinleriň hem bereketli hasylyny ýetişdirýärler. Ýeri gelende aýtsak, etrabymyz ýurdumyz boýunça hem iri gök ekerançylyk etraplarynyň biri hökmünde tanalýar.

Şu ýyl etrabymyz boýunça 140 gektar meýdanda käşir ýetişdirmek bellenildi. Şonuň saldamly bölegi irki käşirdir. Etrabymyz boýunça irki käşiriň 2 müň 520 tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagta çenli etrabymyz boýunça irki käşiriň 2 müň 525 tonnasy ýygnaldy. Irki käşiriň hasylyny ýygnamak işi dowam edýär.

Abatgylyç NAZAROW,
TKA-nyň Şabat etrap birleşmesiniň başlygy.