Hojalygyň işi ileri

16 Iýul 2024
188

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Azatgeldi Baýjanow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän «Nusgawy meýdan» daýhan hojalygynyň tejribeli işgärleri ýylyň-ýylyna bellenilen şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edip, ýokary zähmet ýeňişlerini gazanýarlar.

Daýhan hojalygynyň kärendeçileri şu ýyl 1 müň 800 gektarda ekilen bugdaýly meýdanlardan 5 müň 33 tonna däne alyp, bellenilen meýilnamalaryny 175 göterim ýerine ýetirdiler. Şeýle hem şu ýyl hojalygyň daýhanlary 100 gektar meýdana ýeralma, 25 gektar meýdana sogan, 450 gektar ýere gowaça ekdiler. Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda ideg işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Daýhan hojalygynyň kärendeçileri kuwwatly tehnikalardan ýerlikli peýdalanmak bilen ekinleriň hasyllylygynyň artmagy üçin agrotehnikanyň kadalarynyň talabalaýyk berjaý edilmegini gazanýarlar. Şeýle bolansoň, hojalygyň janypkeş işgärleriniň taýsyz tagallalary netijesinde döwlet harmanyna oba hojalyk önümleriniň müňlerçe tonnasy tabşyrylýar.

Saparmyrat HAKMYRADOW,
öz habarçymyz.