Ýaş ýangyn söndürijileriň bäsleşigi

16 Iýul 2024
206

Türkmenabat şäher häkimliginiň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan mekdep okuwçylarynyň arasynda döredilen ýaş ýangyn söndüriş toparlarynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat ediji bäsleşik geçirildi. Ony biziň bölümimiz bilen welaýat baş bilim müdirligi, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar.

Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, berk bedenli, sagdyn, geljekki durmuşa taýýar, düşünjeli şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz alada edýär. Öňde goýulýan belent talaplardan ugur alyp, orta mekdepleriň okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmek hem-de olaryň ýangyn howpuna garşy göreşmek boýunça düşünjelerini artdyrmak maksady bilen degerli işler alnyp barylýar. Munuň üçin okuwçy ýaşlaryň arasynda ýangyn-amaly sporty giňden ýaýradylýar. Bu geçen bäsleşik ýaş ýangyn söndüriş toparlarynyň agzalarynyň taýýarlygyny ýokarlandyrmakda ähmiýetli boldy.

Babanyýaz ILAMANOW,
welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 1-nji bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.