Galla — rysgal-berekediň çeşmesi

15 Iýul 2024
207

Hormatly Prezidentimiz gallaçy daýhanlaryň zähmet ýeňşi baradaky hasabaty kabul etdi

Belent maksatly beýik işler, mälim bolşy ýaly, diňe parahatçylygyň, asudalygyň dabaralanýan ýurdunda agzybir, jebis ýaşaýan zähmetsöýer halk bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. Türkmen halkymyz hem gadymyýetden bäri merdanalyk, tutanýerlilik, zähmetsöýerlik häsiýetleri bilen şöhratlanyp gelýär we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de mynasyp zähmet ýeňişlerini dowamly gazanýar. Muňa ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň, gallaçy daýhanlarynyň, hasyl ussatlarynyň häzirki wagtda pagta, gök-bakja, miwe önümleri bilen birlikde, ak bugdaýyň bol hasylyny öndürmekde gazanan ýokary netijesi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, 12-nji iýulda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. «Oguz han» köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy.

«Nesil».