«GUŞHANADAKY» OWAZLARYŇ KOLLAŽY
...Güwläp geçip gidýär maşynlar köçeden. Olaryň özleri ötüp gitseler-de, yzyna eýermeýän gohlarynyň bir bölegi açyk duran penjirämden kürsäp girýär. Ol girýän sesler özleri bilen daşarynyň sowugyndanam ep-esli alyp girýärler. Yzyndan gelýän başga-başga owazlara orun boşatmak üçin çykyp gidenlerinde bolsa, hyýallarymdanam bir ülşüni — ýetdik paýlaryny alyp gidýärler uzaklara. Geçmişe gidýäni haýsy, geljege gönügýäni haýsy. Olaryň tizligem sesiň tizligindenem çakganrak bolmaly-da, derrewem dolanyp gelýärler mas ýüklenip...