«7/24. tm» №29 (216), 15.07.2024
Russiýa Federasiýasynyň çäginden Mongoliýa tarap uzaýan «Ýüpek ýoly» rallisiniň soňky tapgyrlary türkmen ekipažlary üçin diýseň düşümli boldy. Ýaryşyň bäşinji gününde gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasy bilen Mongoliýanyň serhedinden geçdiler we «ebedi gök asmanyň ülkesi» hasaplanýan ýurduň giňişliginde çarkandakly menzilleri külterlediler. 555,42 kilometre uzan tapgyr deňiz derejesinden 1200 — 2150 metr belentlikde dowam etdi.