«Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň bäşinji gününde türkmen sürüjisi ýeňiji boldy

12 Iýul 2024
179

«Ýüpek ýoly» ralli-reýdiniň bäşinji gününde gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasy bilen Mongoliýanyň serhedinden geçdiler we «ebedi gök asmanyň ülkesi» hasaplanýan ýurduň giňişliginde çarkandakly menzillerini külterlediler.

T2 ýaryşynda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň ekipažy bäşinji tapgyryň ýeňijisi boldy. Maksatmyrat Daňatarowyň ekipažy tapgyryň bellenen menzilini ilkinji bolup geçdi. Bu ýaryşda ikinji netijäni «LADA Sport ROSNEFT Raid» toparyndan Mihail Mitýaýew görkezdi. Ol umumy hasapda birinji orny eýeleýän Andreý Suşensowy yzda galdyrdy.