Raýat hukuklarynyň esaslaryny berkidip

11 Iýul 2024
269

Türkmenistan Garaşsyz döwlet hökmünde 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilip, dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy boldy. Şunlukda, ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasynda bellenen düzgünlerdir ýörelgelere, Adam hukuklary hakynda ählumumy Jarnama, Baş Assambleýanyň we beýleki düzümleriň halkara resminamalaryna, esasy konwensiýalaryna eýermegi özüne borç edinip aldy. Şondan bäri geçen taryhy döwrüň dowamynda gurama bilen hyzmatdaşlygyň gerimi yzygiderli giňeldilip, ol milli hem umumadamzat bähbitlerine doly laýyk gelýär. Golaýda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanda saparda bolup, hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz bilen netijeli gepleşikleri geçirmegi özara gatnaşyklarda täze tapgyryň başyny başlady.

Iri halkara guramanyň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygynda döwlet Baştutanymyz ählumumy howpsuzlyga, sebit ýagdaýlaryna, durnukly ösüşe, ynsanperwer meselelere üns bermegi strategik dialogyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezdi. Hakykatdan-da, dünýäniň aýry-aýry sebitlerinde dartgynly ýagdaýlaryň dowam edýän häzirki şertlerinde ynsanperwer meseleler boýunça oýlanyşykly çözgütleriň tapylmagy örän uly zerurlyk bolup öňe çykýar. Şunda gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we dialog üçin mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilen anyk çäreleriň görülmegi, bu babatda gatnaşyklaryň yzygiderli usullarynyň ýola goýulmagy möhümdir. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyny durmuşa geçirmekde, bosgunlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde, ençeme beýleki ugurlarda BMG-niň jogapkär edaralarydyr guramalary bilen ýola goýlan ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ünsi çekdi. Duşuşykda soňky ýyllarda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 30 müňe golaýynyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilendigi, şu ýyl ýurdumyzda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça sebit maslahatynyň geçiriljekdigi barada aýdylanlar türkmen tarapynyň bu meselede öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli berjaý edýändigini aýdyň görkezýär.

Nedir BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.