«Arkaç» — çagalaryň köňül küýsegi

11 Iýul 2024
318

Şatlykly tomsuň häzirki günlerinde çagalar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde köpçülikleýin dynç alýarlar. Şonuň bilen bir hatarda, seýilgählerdir beýleki dynç alyş ýerleri-de çaga gülkülerine, şatlyk-şowhuna beslenýär.

Paýtagtymyzdaky «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi gysga wagytda iň bir gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi. Döwrebap toplumda çagalaryň hem-de uly ýaşlylaryň wagtyny hoş geçirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilipdir.

Baýnazar BAÝHANOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.