Şadyýan döwür

10 Iýul 2024
220

Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Tomsuň ilkinji günlerinde okuw möwsümini tamamlan çagalary ýurdumyzyň ajaýyp Gökdere jülgesindäki köpsanly sagaldyş-dynç alyş merkezleri mähirli garşylady.

Ösüp gelýän nesillerimiziň beden taýdan berk, ruhy taýdan sagdyn bolmaklary üçin ýurdumyzda döwlet derejesinde giň mümkinçilikler döredilýär. Ynha, şeýle mümkinçilikleriň biri — tomus möwsüminde çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri we öz deň-duşlary bilen sazlaşykly hereketde bolmaklary üçin gözel Gökderede we welaýatlarymyzyň dürli künjeklerinde jana melhem tebigatyň goýnundaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde gyzgalaňly döwür dowam edýär. Dürli ýaşdaky çagalaryň arasynda döredijilik, sport, medeni-köpçülikleýin çäreleri yzygiderli alnyp barylýar. Bu çäreleriň, bäsleşikleriň netijesinde çagalaryň häsiýetlerinde köpçülige uýgunlaşmak, bir maksada agzybirlik bilen gulluk etmek ýaly oňat häsiýetler kemala gelýär.

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.