Ýaşlar syýasatynyň gadamlary

10 Iýul 2024
244

Tutumly işleriň bady artýar

Ajap eýýamymyzda ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde uly işler bitirilýär. Şu syýasatyň çäklerinde türkmen ýaşlaryna bilim-terbiýe bermekde, hünärli ýaşlar bolup ýetişmeklerinde giň mümkinçilikler döredilýär. Abadan geljegimiziň eýeleri boljak türkmen ýaşlary hakda alada üstümizdäki — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da giň gerime eýe bolýar. Şunda türkmen ýaşlaryna Garaşsyz, Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň möçberli wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde uly ynam bildirilýär.