Dillerde Watanyň waspy

8 Iýul 2024
265

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar wagtlaryny şadyýan hem peýdaly geçirýärler. Olaryň arasynda dürli sport ýaryşlary, wagyz-nesihat çäreleri, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilip durulýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň guramagynda bu merkezde dynç alýan çagalaryň arasynda «Watan waspy» ady bilen goşgy hem aýdym aýtmak boýunça geçirilen bäsleşik hem şeýle çäreleriň biri boldy. Gyzykly geçen bäsleşikde çagalar eziz Diýarymyzy, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri, tebigat gözelliklerini goşgulardyr aýdymlaryň üsti bilen wasp etdiler.

Üzümgül Gurbandurdyýewa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.