«Real Madrid» toparynyň geçen möwsümdäki çempionlyklaryna uly goşant goşan 2 oýunçy – kapitan Naço Fernandes bilen hüjümçi Hoselu arap klublarynyň düzümine goşuldy. Madriddäki 23 ýyllyk başdangeçirmesini tamamlan 34 ýaşyndaky Naço 2-nji ligadan Saud Arabystanynyň ýokary ligasyna dolanan «Al-Kadsia» topary bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Naço «Real Madridde» professional karýerasy boýunça 6-sy Çempionlar Ligasy bolan jemi 26 kubok gazandy. Naço soňky 4 ýylda «Real Madridi» terk eden toparyň 4-nji kapitany boldy. 2021-nji ýylda Serhio Ramos, 2022-nji ýylda Marselo hem-de 2023-nji ýylda Karim Benzema «Real Madriddäki» karýeralaryny tamamlapdylar.
Geçen möwsümi «Real Madridde» kärendesine geçiren Hoselu Kataryň «Al-Garafa» toparyna transfer boldy. Ol katarlylar bilen 2+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Geçen möwsümde «Realda» 49 oýunda 17 gol geçiren Hoseluny madridliler «Espanýoldan» 1,5 million ýewro berip, ymykly transfer eden gününiň ertiri arap klubuna ugratdy.