Formula 1 boýunça möwsümiň 11-nji ýaryşy Awstriýanyň Spilberg şäherinde geçirildi. 4,3 kilometrlik «Red Bull» trassasynda geçirilen ýaryşda ýer eýelerine – «Red Bull» toparyna ýeňiş gazanmak başartmady. 71 aýlawdan ybarat ýaryşda 3-nji orundan bat alan «Mercedes» toparynyň britan sürüjisi Jorj Rassell ýeňiş gazandy. Ol niderland sürüji Maks Werstappen («Red Bull») bilen britaniýaly Lando Norrisiň («McLaren») arasyndaky çaknyşykdan ýerlikli peýdalanyp, ýaryşy 1 sagat 24 minut 22 sekuntda tamamlap, F1 karýerasyndaky 2-nji ýeňşini baýram etdi. Ýeňijiden 1,906 sekunt yza galan «McLaren» toparynyň awstraliýaly piloty Oskar Piastri 2-nji, «Ferrari» toparynyň ispan sürüjisi Karlos Saýns Junior «Gran Priniň» ýeňijisinden 4,533 sekunt soň pellehana gelip, 3-nji orny eýeledi. Ýeňijiniň topardaşy, britaniýaly meşhur sürüji Lýuwis Hamiltonyň 4-nji bolan ýaryşynda sprint bäsleşiginde ýeňiş gazanan we esasy ýaryşa ilkinji hatardan bat alan Maks Werstappen çaknyşyk zerarly 10 sekuntlyk jerime aldy we Awstriýa «Gran Prisini» 5-nji bolup tamamlamagy başardy.
Geçirilen 11-nji ýaryşdan soň Maks Werstappen 237 utuk bilen sanawyň başyny çekmegini dowam edýär. 2-nji ýerdäki Norrisiň 156, 3-nji orundaky Şarl Lekleriň 150 utugy bar.