29-30-njy iýunda Müsürde «EU-Egypt» görnüşindäki iki günlük maýa goýum forumy geçirildi. Forumyň dowamynda Ýewropa kompaniýalary Müsür tarapy bilen umumy bahasy 40 milliard ýewrodan gowrak bolan şertnama baglaşdy. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen mälim etdi. Fon der Lýaýen şertnamalaryň dürli pudaklary öz içine alýandygyny aýtdy.
Şeýle hem fon der Lýaýen Müsüriň Prezidenti Abdul-Fattah Halil As-Sisi bilen hem gepleşik geçirdi.