Başlyklygy kabul etdi. Wengriýa Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň alty aýlyk başlyklygyna başlady. Wengriýa 1-nji iýulda bu wezipäni Belgiýadan kabul edip, dekabr aýynyň ahyrynda rotasiýa esasynda gezegini Polşa berer. Başlyklygyň resmi nyşany, Rubigiň kubigi boldy. Bu ýyl wenger inženeri Ernýo Rubigiň oýlap tapyşyna 50 ýyl doldy.
Monronyň öýi medeni ýadygärlik boldy. Amerikaly aktrisa Merilin Monronyň Los-Anjelesiň Brentwud etrabyndaky öýi medeni ýadygärlik hökmünde ykrar edildi. Los-Anjeles şäher geňeşi tarapyndan jaýyň ýykylmagynyň öňüni alýan degişli karar kabul edildi. Monro bu jaýy 1962-nji ýylda 75 müň dollara satyn alypdyr.