Ýaşlygyň ýakymy (obama syýahat)

2 Iýul 2024
243

Ýaşlyk ýyllarymyň ýakymly ýatlamalaryny goýnunda saklap oturan obam bu gün gözlerime enem ýaly eziz, atam ýaly arzyly görünýär. Çünki men enemdir atamyň gujagynda önüp-ösüp, kemala gelşim ýaly, obamyň hem gujagynda ösüp, mähri bilen gurşalypdym. Oba diýilse gulagymda hüwdiniň sesi ýaňlanyp, kalbymda guşlar nagma kakyberýär. Oba agzalanda pikirlerim çar ýana atygsap, ganatly guşa öwrülýär-de alyslara uçuberýär.

Syn edip otursak adam ömri üç bölege bölünýän eken. Olaryň birinjisi elwan gülli ýazlar ýaly çagalygymyz, joşgunly siller ýaly ýetginjekligimiz. Bu ýyllar nähili süýji bolsa-da, onuň tagamynyň, lezzetiniň manysyna akyl ýetirip ýetişmänkäk deňimizden ýyldyrym çaltlygynda geçip gidýär. Ömrüň ikinji böleginde tomus ýaly gyzgyn ýürekli ýaşlygymyz bar. Onda ilkinji söýgi, durmuşa aýgytly ädilýän ädimler, biziň geljekde kim, nähili adam boljakdygymyz hakyndaky çözgütleriň başlangyjy, gör, näçe sany öňde goýulýan maksatlar, arzuwlardyr hyýallar bolýar.

Aýjahan BEGJANOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.