Tolkunlaryň owaz eýlär, Hazarym!

1 Iýul 2024
318

Ine, bu gün hem säher bilen deňziň kenarynda kä gezim edip, käte oturmaga niýetlenen oturgyçlarda oturyp, deňziň birden batly, birdenem pessaýja atýan tolkunyny synlap ganyp bilemokdym. Güýçli tolkunlaryň deňziň kenaryna getiren balykgulaklary ap-akja bolup, ylla diýersiň, merjen monjugyny ýadyňa salýardy. Tebigatyň täsin oýny deňziň düýbünde gizlenip ýatan merjen monjuklarydyr balykgulaklary kenara getirip, «çöpläberiň» diýip yşarat edýän ýalydy. Nazaryňy deňiz giňişligine dikeniňde bolsa, suwuň ýüzünde kä ýitirim bolup, käte gaýtadan peýda bolup ýüzüp ýören guşlary görüp, çaga ýaly begenýärsiň. Deňiz guşlarynyň asmany bezäp, erkana uçup ýörenlerini synlamagyň hem öz lezzeti bar. Şeýle gözellikleri synlap oturyşyňa tebigatyň eçilen peşgeşini hem goramak, hem geljekki nesiller üçin aýap saklamak, peýdalanmak dogrusyndaky pikirler seriňi gaplap alýar. Daşyndan synlanyňda, Hazar deňziniň tolkuny döwrümize buýsançdan nyşan ýaly bolup görünýär. Gözellikler bolsa gözüňi dokundyryp, ruhuňy göterýär. Deňziň üstünden öwüsýän şemal janyňa diýseň hoş ýakýar. Al-asmanda pelpelleşýän çarlaklaryň sesleri gulagyňa bir geňsi owaz bolup eşidilýär. Olaryň suwa golaý gelip, awlaryny alyşlaryny synlamagyň täsiri başga.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, bu gün şeýle gözellikleri özünde jemleýän Hazar deňziniň kenary — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy jenneti mekany ýadyňa salýar. Bir-birinden zyýada şol binalar Gahryman Arkadagymyzyň yhlas-söýgüsinden gözümiziň alnynda peýda boldy. Hazaryň Türkmenistana degişli kenarynda jenneti ýadyňa salýan dynç alyş zolagy döredildi. Merjen monjuklary ýaly, hatara düzülen ak mermer binalaryň başy Göge sary uzaýar. Yzly-yzyna gurlup, ulanylmaga berlen binalar biri-birinden owadan, biri-birinden gözelligi bilen tapawutlanyp, görenleri haýrana goýýar. Müň derdiň dermany bolan deňziň suwunyň, jana ýakymly howasynyň halkymyza elýeterli bolmagy üçin edilýän aladalar netijesinde, bu ýerde dynç almaga, saglyklaryny berkitmäge isleg bildirýänleriň sany barha artýar.

Rejep HOMMATLYÝEW,
«Watan».