Sagdyn dişler – ýylgyryşyň bezegi

29 Iýun 2024
211

Adam saglygy şahsy arassaçylyk bilen gönüden-göni baglydyr. Şahsy arassaçylyga dişleriň sagdynlygy, agyz boşlugynyň arassalygy hem degişlidir. Dişleriň sagdyn bolmagy käbir keselleriň döremeginiň öňüni alýar. Dişiň arassaçylygyna seredilmedik ýagdaýynda dürli nähoşluklar ýüze çykyp bilýär. Dişiň çüýremeginiň öňüni almagyň iň täsirli ýoly ony wagtly-wagtynda arassalamakdan ybaratdyr.

Dişi wagtly-wagtynda ýuwmagyň ähmiýetli bolşy ýaly, öz ýaşyňyza görä diş pastasyny we çotgasyny saýlamak hem ähmiýetlidir. Lukmanlar islendik ftorly diş pastasynyň ulanylyp bilinjekdigini belleýärler. Esasy zat dişi bolmalysy ýaly çotgalamaga üns bermeli. Dişi çotgalamagy kiçilikden endik edinmek ulalansoň hem dişiňiziň saglygyny goramaga ýardam eder.

Nuretdin KADYROW,
Lebap welaýat stomotologiýa merkeziniň şahamçasynyň lukmany.