Perli awtoulagyň ilkinji uçuşy. Hytaýda «Voyager X2» awtoulagynyň ilkinji uçurylyşy boldy. Guşuçar belentlikden uçýan ulag, Pekiniň Dasin howa menzilinden ýokary göterildi diýip, ýurduň metbugaty mälim etdi. «Xpeng Huitian» kompaniýasy özüniň ilkinji seriýalaýyn önümini şu ýylyň ahyrynda sargyt edip boljakdygyny mälim etdi.
Smartfony kamera öwürýär. Hytaý startapy «Sneaki Design» häzirki zaman smartfonynyň islendigini professional kamera öwürmäge niýetlenen «SwitchLens» aksessuaryny hödürledi. Bu enjamda ýokary durulykdaky suratlary we wideolary düşürmäge mümkinçilik berýän «Micro Four Thirds» (M43) obýektiwi hem-de 1 dýuýmly «Sony Type 1» sensory ulanylýar.