Goşa toýuň şatlygy

27 Iýun 2024
321

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, mähriban    Diýarymyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary uludan toýlanylýar. Merdana halkymyzyň medeniýete, sungata, çeper söze uly sarpa goýýandygyna gojaman taryhymyz, bagtyýar, abadan şu günümiz şaýatlyk edýär. Aslynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmegi aýratyn baý many-mazmuna eýedir. Çünki türkmen edebiýatynyň görnükli wekili akyldar şahyrymyzyň şygyrlary medeniýetimiziň sarsmaz sütüni hasaplanylýar. Bu babatda goşa baýramçylygyň şanyna uludan tutulýan toý-baýramlarymyz ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem uly dabaralara beslendi.