Şanly ýylyň şanyna

27 Iýun 2024
361

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, akyldar şahyryň 300 ýyllyk ýubileý toýuny dabaralandyrmak hem-de şanly senäniň syýasy ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Toýly günlere utgaşykly geçirilen söhbetdeşligi «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy TDP-niň Daşoguz şäher komiteti bilen bilelikde gurady.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýeňiş Haýytjanow, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, TOHI-niň uly mugallymy Ýazguly Ataýew, Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» PTB-niň welaýat şahamçasynyň baş hünärmeni Selbi Hojakowa, «Daşoguz habarlary» gazetiniň habarçysy Bazargül Ballyýewa dagy çykyş edip, özara pikir alyşdylar. Çykyşlaryň dowamynda akyldar şahyrymyzyň hormatyna buýsançly şygar bilen dabaralandyrylýan şu ýylymyzyň taryhy döwrümizi beýgeldýän ýyllaryň birine öwrülýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, Magtymguly Pyragy ýaly akyldar şahyry bolan halkymyzyň durmuşynda bolup geçýän her bir pursadyň gymmaty hem aýratyn many-mazmuny dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Öz ynsanperwer garaýyşlary bilen adamlara söýginiň, ählumumy sazlaşygyň dogry ýoluny salgy berýän Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini, edebi-mirasyny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Biri-birine utgaşýan toýly günleriň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky gymmaty nygtalyp, halkymyzy şeýle döwranly döwre ýetiren hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.